Eziz Watan ösüşlere beslenýär

25 Mart 2021
848

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyz uly ösüşler bilen türkmen halkyny buýsanja besleýär. Beýik ösüşleriň ýoly bilen nurana geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz gün-günden gülleýär, gül açýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ykdysady taýdan barha kuwwatlanýandygy ýurdumyzda alnyp barylýan köpsanly gurluşyklaryň mysalynda aýdyň görünýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ähli amatlyklary we oňaýly şertleri özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň diňe bir paýtagtymyzda däl-de, eýsem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, ýagny oba ýerlerinde-de giň gerimde gurulýandygyny bellemek guwandyryjydyr. Munuň özi halkymyzyň bagtyýarlygynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde milli ykdysadyýetimiziň maksatnamalaýyn ösdürilýändigini, özi hem sanly ulgama geçilýändigini bellemek ýakymlydyr.

«Mugallymlar gazeti».