Köňülleriň buýsanjy

25 Mart 2021
881

Hormatly Prezidentimiziň her bir başlangyjy — türkmen halkymyz üçin görelde mekdebi. Sportda, sungatda, döredijilik dünýäsinde hormatly Prezidentimiziň görkezýän asylly hereketleri, ýazýan eserleri halkymyzyň dilleriniň senasyna öwrülýär. Türkmen halkynyň Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. Halkara Nowruz gününde ýurt Baştutanymyzyň türkmen bedewleri bilen didarlaşyp, täze doglan taýçanajygyň buşluk habaryny uly ruhubelentlik bilen kabul etmeginiň özi hem örän tolgundyryjy ýagdaýdyr. Gahryman Arkadagymyz özüniň seýislän Akhan atly bedewiniň ilkinji taýçanajygyna mähriban käbesiniň taýýarlan alajasyny daňdy.

Hormatly Prezidentimiz türkmen seýisleriniň, atşynaslarynyň çekýän asylly zähmetini hemişe üns merkezinde saklaýar we olara ýokary baha berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atbakary Nuraly Rahymowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy hem aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

Bibijemal MUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän «Bagtyýar nesiller» atly ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň ussat mugallymy.