Milli demokratiýa daýanyp

24 Mart 2021
751

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň täze taryhy eýýamynda döwrebap özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde makullanylan, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ähmiýetli, taryhy waka boldy. Geçirilen konstitusion özgertmeler ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda möhüm ädim boldy.

Ýurdumyzda jemgyýetçilik gatnaşyklary ösdürilýär. Milli syýasy ulgamda köp partiýalylyk döredildi. Indi her bir partiýa ýurdumyzyň syýasy wekilçilikli saýlawlaryna işjeň gatnaşýar. Bu özgertmeleriň netijesinde halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we durmuş taýdan goraglylygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzda uzak möhletli meýilnamalaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi, Konstitusiýamyzyň kämilleşdirilmegi, döwrüň talabyna laýyk amala aşyrylýar.

Magtymguly SOLTANOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.