Şöhratly dowamatyň şany

24 Mart 2021
798

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýubileý ýylynyň şu hepdesi täze başlangyçlary bilen iň şanly hepdeleriň birine öwrülýär. Hepdäniň başynda pederlerimizden gelýän oba hojalyk senenamasyna görä, täze güni, täze ýyly ― Nowruzy garşylan bolsak, düýn milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzda gowaça ekişine badalga berildi. Şu gün bolsa ýurdumyzyň welaýatlarynda şol bir wagtyň özünde ençeme ýyladyşhananyň açylyş dabaralary bolar. Ýöne bu sananlarymyz heniz şanly hepdäniň başlangyçlarynyň, ýakymly täzelikleriň hemmesi däl. Hepdäniň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň Ahalteke atçylyk toplumyna nobatdaky gezelenjinde berlen hoş habar ýokarda sanan başlangyçlarymyza-da öwüşgin çaýdy. Endigine görä, atly gezelenç etmek we döredijilik bilen meşgullanmak üçin bu ýere gelen milli Liderimize ajaýyp bedew Akhanyň ilkinji taýçanagynyň ― naşyja taýjagazyň dünýä inendigi buşlanyldy. Gahryman Prezidentimiz taýa onuň atasynyň adyndan ugur alyp we şu şanly ýylyň ýene bir möhüm wakasy ― Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat adyny dakdy.

Bu görnüşlere «mawy ýaýlym» arkaly tomaşa edip, siz hem ajaýyp Akhan we ajaýyp Aşgabadymyz barada oýlanan bolsaňyz gerek. Çünki ak bedew bilen ak şäheriň arasyndaky baglanyşyk juda ýakyn. Mundan 15 ýyl ozal dünýä inen bedewiň ähli şöhraty ajaýyp Aşgabat bilen bagly. Şol bir wagtyň özünde-de Akhan — Aşgabadyň beýik adyny Ginnesiň rekordlar kitabyna çenli çykaran bedew.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.