Döwletlilik ýörelgämiz ýol alýar

24 Mart 2021
820

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda ozal görlüp-eşidilmedik ösüşleri gazanýar. Gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler täze eýýamymyzyň taryhynyň sahypalaryna Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasatynyň anyk beýany bolup ýazylýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça deňi-taýy bolmadyk taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti batly hem-de ynamly ädimler bilen pajarlap ösýär.

Ösüşleriň häzirki tapgyrynda hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasaty Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösen we kuwwatly döwlete öwürýär. Döwletiň ykdysady kuwwaty bolsa, beýleki ugurlar bilen bir hatarda durmuş maksatnamalarynyň netijeli amala aşyrylmagyna amatly şertleri döredýär.

Maýa ASTANOWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.