Erkanalygyň baýramy

24 Mart 2021
828

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nesilden-nesle geçip gelýän milli baýramlarymyza aýratyn uly sarpa goýulýar. Olar halkymyzyň bolelin, bagtyýar ýaşaýan döwründe mynasyp dowam etdirilip, döwrebap öwüşginlere eýe bolýar. Her ýyl halkymyz uly dabara bilen Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi belläp geçýär.

Türkmen halkynda Nowruz baýramyny bellemek dessury Oguz handan gözbaş alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň milli däp-dessurlarymyzy dikeltmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary netijesinde halkymyz Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda oňa ýokary derejeli taýýarlyk görýär. Älem-jahanyň janlanyp, owadan reňklere beslenen günlerinde täze arzuwlaryň, umytlaryň baýramy — Milli bahar baýramy uludan bellenip geçilýär. Bu baýramda toý saçaklary giňden ýazylyp, onda Nowruz tagamlary: türkmen çöregi, petir çörek, gowurdak, köje, mäşewe, palaw, semeni ýaly dürli tagamlar taýýarlanylýar.