Bagtyýar durmuş üçin

24 Mart 2021
730

Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler uzak möhletleýin we köpugurly bolup, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan aýawly we rejeli peýdalanmak, täze, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de daşky gurşawy goramak baradaky işler döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Milli Liderimiziň ekologiýa we daşky gurşawy goramak baradaky dünýä ähmiýetli başlangyçlary we teklipleri halkara jemgyýetçiliginde seslenme tapyp, uly goldawa eýe bolýar. Şuňa laýyklykda ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine degişli maksatnamalaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu işler diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl-de, eýsem, sebitde we halkara derejesinde ekologiýanyň goralmagyna hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirlendir. Türkmenistanyň uzak möhletli ekologiýa syýasatynyň esasy ýörelgeleri we düzgünleri ýurdumyzyň kanunçylyk resminamalarynda anyk kesgitlenildi.