Ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhraty milletimiziň buýsanjydyr

24 Mart 2021
998

AŞGABAT, 23-nji mart (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Bedew batly öňe barýar Arkadagly Türkmenistan!” atly çäre geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary N.Rahymowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwlet sylagyny hem-de Şa serpaýyny gowşurmak dabarasy boldy. Düýn milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat atbakara “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly at dakyldy.