Aşgabat — dünýäniň merjen şäheri

23 Mart 2021
1083

Ýurdumyzyň çar ýanynda gül bezegleriniň, ýaşyl zolaklaryň geriminiň giňeldilmegi ilatyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyna täsirini ýetirýär. Täze gurulýan we durky täzelenen seýilgählerde dynç alýan ildeşlerimiz we bagtyýar çagalar ajaýyp görnüşlerden hem-de dürli öwüşginli suw çüwdürimlerden lezzet alýarlar. Seýilgählerde agaç nahallarynyň we bezeg gülleriniň göwnejaý ýerleşdirilmegi gezelenç etmek we daş-töweregi synlap, lezzet almak üçin amatly şertleri döredýär. Seýilgähler, baglar, güller şäherlerde tebigatyň özboluşly täsin adajyklaryna öwrülýär. Olar köp sanly guşlaryň üýşýän, şeýle hem daş ýerlerden getirilen ösümlik görnüşleriniň uýgunlaşýan ýerlerine öwrülýär. Tebigy görnüşler ilatyň özüni tebigata golaý duýmagyna, rahat dynç almaga ýardam berýär.

Seýilgähler paýtagtymyz Aşgabadyň özboluşly binagärlik keşbine täsin öwüşgin çaýýar. Şäher gurşawyny bag — seýilgäh sungatynyň usullaryny oýlanyşykly kemala getirmek, şol sanda gök zolaklary we şäheriň köçelerini özboluşly bezemek paýtagtymyzyň şähergurluşygynda uly orun eýeleýär. Şäheriň dürli künjeklerinde seýilgähler gurulýar, desgalaryň ýanaşyk ýerleri gök ösümlik zolaklary bilen bezelýär. Şäheriň merkezi künjeklerinde hem daşky gurşaw, tebigy şertler bilen ajaýyp sazlaşygyň bolmagy möhüm ähmiýete eýedir. Seýilgähler şäher abadançylygynyň örän möhüm düzüm birligi hökmünde birnäçe wezipäni, şol sanda ekologiýa we medeni meseleleri ilerletmek işlerini ýerine ýetirýär. Şonuň üçin seýilgähleriň adamlaryň amatly dynç almagyna, wagtyny gyzykly geçirmegine, töweregi gurşap alýan gözellikden lezzet almagyna gönükdirilmelidigini aýratyn belleýän Gahryman Arkadagymyz Aşgabady baglar şäherine öwürmekde, nesilleriň abadan we owadan durmuşyny üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýär.