Türkmençilik we dünýä medeniýeti

23 Mart 2021
1002

Soňky döwürde ýygy-ýygydan ulanýan bir jümlämiz bar: Dünýä globallaşýar. Hawa, bu inkär edip bolmajak hakykat. Dile çeper ussatlar-a bu ýagdaýy: «Watanymyz — dünýä, milletimiz — adamzat» diýip häsiýetlendirýärler. Tehnologiýalaryň ýyldyrym çaltlygynda ösmegi ynsanlary, şol bir wagtyň özünde millet-halklary edil şol tizlikde bolmasa-da, görnetin derejede ýakynlaşdyryp, baglanyşygyny güýçlendirýär. Şeýle bolansoň, beýleki halklar bilen parahatçylykly, ylalaşykly ýaşamak diýen wajyp wezipe ynsanyýetiň öňündäki ähmiýetini has-da artdyrýar oturyberýär. Sebäbi Zemin parahatlygyny berkarar etmek bu wezipäniň berjaý edilmegine bagly bolup durýar.

Hawa, parahatlyk — rahat ýaşaýyş. Rahat ýaşaýyş — gorky-ürküsiz, arkaýyn durmuş. Eýsem, erkana ýaşaýyş haçan mümkin bolýar? Ynsanlar biri-biri bilen ynanyşyp ýaşan halatynda. Tutuş Ýer ýüzi babatynda alanyňda bolsa, milletler, döwletler biri-birine hormat goýup, diňe hoşniýetli gatnaşyklary alyp baran mahalynda.

Ogulmahym ATAÝEWA,
«Türkmen dünýäsi».