«Gelse Nowruz äleme...»

23 Mart 2021
1044

Gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýan Halkara Nowruz gününiň ajaýyp däp-dessurlary häzirki wagtda döwrebap dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her ýylyň Nowruzynyň öňýany tutuş ýurdumyz boýunça bag ekmek dabarasyny geçirmek, köpçülikleýin ýowar edip daş-töweregi tämizlemek, ähli babatda päklenip Nowruzy garşylamak asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy. Şol däbe eýerilip, şu ýyl hem Milli bahar baýramynyň we Halkara Nowruz gününiň öňýany, ýagny 20-nji martda Gahryman Arkadagymyzyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän «Garagum» myhmanhanasynyň golaýynda täze döredilýän seýilgähde ilkinji düýp agaç nahalyny oturdyp, ak pata bermegi bilen, köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirildi. Bag ekişligiň öňýany Döwlet senamyzyň owazy astynda ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylmagy hemmelere Nowruza mahsus täze ruhy joşgun eçildi.

Şol gün paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň ýaşaýjylary miweli, pürli we saýaly baglaryň, üzüm nahallarynyň ýüzlerçe müň düýbüni ekdiler, öňden bar bolan baglara timar berdiler. Özleriniň ýaşaýan we işleýän ýerlerini tämizläp, ruhlaryny päkläp, 21-nji martyň ir säheri — Nowruz güni dogan nurly Güni ýagşy dileglerdir umytlar bilen garşyladylar. Ýurdumyzyň ýüregi ak şäherimiz Aşgabadyň ýaşaýjylary hem şol gün Garagum derýasynyň gözel kenarynda uly ruhubelentlik bilen Halkara Nowruz gününiň hem-de Milli bahar baýramynyň toý şowhunyna goşuldylar. Iki günläp ýokary derejede dowam eden baýramçylyk dabaralary hemmeleriň kalbyna täze ýylyň gowulyga beslenip geljekdigi baradaky ýakymly duýgular bolup doldy.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
«Türkmen dünýäsi».