Goý, ýaňlansyn bitaraplyk mukamy!

23 Mart 2021
1267

Döwlet Baştutanymyzyň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Bitaraplyk mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasy hereketlendirijisi boldy» diýip ýazyşy ýaly, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ähli ugurlar babatda durnukly ösüşi gazanmagymyzda ygtybarly daýanjymyzdyr. Alyp barýan her bir işimizde yhlasymyzy artdyrýan kuwwat çeşmesidir. Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara derejesinde abraýynyň artmagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti uludyr. Çünki hemişelik Bitaraplyk — munuň özi asuda ýaşaýşyň, agzybir durmuşyň, ertire bolan ynamyň kepillenmesidir, arkaýyn okamak, öwrenmek, döretmek mümkinçiligidir. Hemişelik Bitaraplyk — baky abadançylykdyr!

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň baýram edilen 2020-nji ýylynyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende göterdi. Çünki hemişelik Bitaraplygymyz hem edil ýurt Garaşsyzlygymyz ýaly dabarasy soňlanmajak mukaddeslikdir.

Gülşirin ÇARYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.