Soňky sütün

23 Mart 2021
844

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen indi birnäçe ýyldan bäri Halkara Nowruz gününiň öňýany köpçülikleýin bag ekmek asylly däbe öwrüldi. Bu däbe eýerip, 20-nji martda ýurdumyzyň ähli ilaty milli Liderimiziň ilkinji nahaly oturdyp, ak pata bermegi bilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşdylar. Şol gün miweli we saýaly nahallaryň ýüzlerçe müň düýbi oturdyldy, öňden bar bolan baglarda bejergi, timarlaýyş işleri geçirildi. Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň Kararyna laýyklykda, şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp agaç nahallary oturdylar.

* * *

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Aziz AGAÝEW,
«Türkmen dünýäsi».