Resmi habarlar gysga setirlerde

23 Mart 2021
989

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli bahar baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna Gutlag haty bilen ýüzlendi. Onda: «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda giňden bellenýän Milli bahar baýramy türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga, hoşniýetlilige we ynsanperwerlige esaslanýan milli ýol-ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar, raýatlarymyzy belent maksatly tutumly işlere ruhlandyrýar. Nowruz baýramynyň alyslara ýaň salýan şatlyk-şagalaňy, şowhuny buýsançly kalplarymyza bahar joşguny, ýaz ýakymy bolup dolýar» diýlip bellenilýär.

* * *