Parahatçylyga we özara ynanyşmaga daýanyp

23 Mart 2021
1137

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna badalga berlen ilkinji günlerden durmuşa geçirilip başlanylan halkara ähmiýetli dabaralardan, tutumly toýlara görülýän taýýarlyklardan hem biz üstümizdäki ýylyň rowaç gadamyna, belent badyna aýdyň göz ýetirýäris. Muňa ata Watanymyzyň bagtyýar goýnunda her günümiziň taryhy we şanly wakalara beslenýändigi, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň barha gowulanýandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Güneşli Diýarymyzda milli Liderimiziň ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine, häzirki zamanyň derwaýys meselelerine, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmagyna gönükdirilen asylly başlangyçlary bu günki gün bütin dünýäde uly goldawa mynasyp bolýar.

Gahryman Arkadagymyz dünýä we sebit möçberinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine kömek we ýardam bermek, energetika we ulag, suw üpjünçiligi we Aral deňzini halas etmek ýaly adamzadyň geljegine gönüden-göni täsir etjek meseleleri üns merkezinde saklap, bu babatda dünýä bileleşigine agza döwletleri tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda gazanylýan şanly ösüşler giň gerimli maksatnamalary, durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyzyň Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň, şeýle hem Çärjew etrabynyň çägindäki «Malaý» gaz käninde ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metre barabar bolan täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegine ak pata bermegi-de üstümizdäki ýylymyzyň ilkinji aýyny uly dabaralara besledi.