Zähmet gatnaşyklarynyň kämil ýörelgesi

23 Mart 2021
890

Türkmenistanyň Zähmet kodeksi raýatlaryň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemekde, zähmetiň amatly şertlerini döretmekde, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda esasy kanun bolup durýar. Ol raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmekleri üçin zerur şertleri we kepillikleri döretmekligi, adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaklygy, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen zähmet gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmekligi üpjün edýän möhüm kanunçylyk resminamasydyr. Oňa işgärleriň, iş berijileriň, döwlet, häkimiýet we dolandyryş, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň arasynda zähmet we olar bilen gös-göni baglanyşykly beýleki gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň meselelerini kadalaşdyrmagy üpjün etmäge gönükdirilen ýörite bölüm — «Zähmet çygrynda durmuş hyzmatdaşlygy» diýen bölüm girizilendir.

Jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmakda, sagdyn durmuşy wagyz etmekde, zähmetkeşler üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmäge jemgyýetçilik gözegçiligini artdyrmakda, olaryň tagallalaryny täze özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirmekde, bir söz bilen aýdylanda, durmuş hyzmatdaşlygynyň ulgamynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmekde köpçülikleýin şertnamalara we ylalaşyklara möhüm orun degişlidir.