At — döwletlilik

23 Mart 2021
893

Türkmen halkynyň milli gymmatlyklary sanardan juda köpdür. Şaý-seplerimiz, nepis halylarymyz, ahalteke bedewlerimiz, saz gurallarymyz, asyrlara şaýat bolýan ýadygärliklerimiz milliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle gymmatlyklarymyzyň hatarynda gözelligi we ýyndamlygy bilen dünýäni haýrana goýýan ahalteke bedewlerimiz aýratyn orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi we başlangyçlary esasynda ýurdumyzda milli atçylyk däplerini galkyndyrmak, atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň tohumçylyk-seçgi işlerini geçirmek babatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli işler alnyp barylýar. Dürli ugurlary özünde jemleýän bu işleriň nukdaýnazaryndan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, halkara derejesinde ahalteke bedewleriniň arasynda gözellik bäsleşikleriniň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi.