Baýramçylyk şowhuny alyslara ýaň saldy

22 Mart 2021
1351

Bilşimiz ýaly, 21-nji martda Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy mynasybetli paýtagtymyzdaky esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda dabaralandy. Dabaralaryň çäklerinde bu ýerde gurnalan baş sahnada baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy. Sahnanyň ýanynda Aşgabat şäheriniň etrap häkimlikleri tarapyndan 14 sany ak öýüň dikilmegi Aşgabat şäheriniň maý aýynda giňden belleniljek 140 ýyllygyny alamatlandyrdy.

Dabara gatnaşyjylaryň öňünde hormatly Prezidentimiziň Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagy okaldy.

Merjen SEÝITGULYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.