Täzelikler, habarlar

22 Mart 2021
958

MEDENI GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR
Golaýda ýurdumyzyň hem-de ABŞ-nyň muzeý hünärmenleriniň arasynda onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Muzeýleriň öz-özüni maliýeleşdirmek we halkara sergileri guramak ýaly ugurlarda tejribe alyşmak maksady bilen guralan okuw maslahatyna welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri hem gatnaşdylar. Onlaýn maslahatyň birinji gününde muzeý işiniň alnyp barlyşy, muzeýleriň häzirki zaman jemgyýetinde tutýan orny barada gürrüň edildi.

Maslahatyň ikinji we üçünji günlerinde muzeý işinde sanly ulgama geçmegiň ähmiýeti, muzeý gymmatlyklary bilen işlemegiň düzgünleri barada özara pikir alşyldy. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň muzeýlerinde sanly tehnologiýalaryň barha giňden ornaşdyrylýandygy dogrusynda nygtalyp geçildi.