Arkadagyň gudraty sen, Aşgabat!

22 Mart 2021
722

Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan dünýä ýaň salýan Aziýanyň merjeni we göwher gaşy bolan Aşgabadyň döredilenine «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyl dolýar. Şeýle taryhy pursatlarda Aşgabadyň geçen taryhy ýoluna gysgajyk göz aýlamak has ýerlikli bolar. Aşgabat 1881-nji ýylda gadymy Ashabat galasynyň ornunda harby berkitme hökmünde gurulýar. Ashabadyň ösmegi we onuň barha giňemegi, ilatynyň sanynyň artmagy 1885-nji ýyldan, ýagny bu ýere Zakaspiý harby demir ýolunyň çekilmegi bilen başlanýar. Şol wagta çenli şäher şeýle bir uly bolmandyr we ol, esasan, iki köçäniň ugrunda ýerleşipdir.

Köpetdagyň üsti bilen Ashabada Eýrandan kerwen ýoluny çekipdirler. Ashabatdan Türkmenistanyň günbatar we gündogar ýaýlalaryna tarap ýollar şahalanyp gidipdir. Göni Garagum çölüniň üstünden geçýän kerwen ýollary Hywa we Buhara alyp barypdyr. Bir söz bilen aýdylanda, şäherde halkara ähmiýetli ýollar birleşipdir.

Tirkeş AMANÝAZOW,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.