«Akylly» şäher geljegiň şäheridir

18 Mart 2021
969

Türkmenistanda «akylly» şäherler konsepsiýasy durmuşa geçiriler

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyllygy bellenilýän paýtagtymyzy ösdürmek, täze bina edilýän desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Mähriban Arkadagymyz paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.