Watanymyzyň ýüregi sen, Aşgabat!

18 Mart 2021
933

Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň paýtagty Aşgabady dünýäniň iň gözel we adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek ugrunda bimöçber tagalla edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky tagallalary netijesinde paýtagtymyz çalt depginler bilen ösýär, özgerýär, dünýäniň binagärlik merjenine öwrülýär. Ak mermerli paýtagtymyzda gurulýan durmuş-medeni, ylym-bilim maksatly desgalar, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş, sport desgalary, söwda-dynç alyş merkezleri, awtomobil duralgalary, häzirki zaman ulag ýollary, suw çüwdürimleri hem-de beýleki döwrebap binalar göreniň akylyny haýrana goýýar.

Güneşli Diýarymyzyň baş şäheriniň nowjuwan keşbini, görkanalygyny synlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň: «Orta Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabady jennet mekanyna öwürmek meselesi öňümizde goýan maksatlarymyzyň esasylarynyň biridir» diýen çuň manyly sözleriniň turuwbaşdan durmuş ýüzünde amala aşýandygyna uly buýsanç bilen göz ýetirýärsiň. Ýurdumyzyň bilim, ylym, medeni hem-de tehnologik ösüşleriniň merkezi bolan ak mermerli paýtagtymyz gözel Aşgabadyň medeni ojaklarydyr seýilgähleri hem tarypa mynasypdyr. Şolaryň arasynda milli binagärlik sungatynyň özboluşly öwüşginlerini özünde jemleýän teatrlaryň, muzeýleriň, medeni maksatly beýleki desgalary, şol sanda Medeniýet şäherçesiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň kaşaň binalarydyr desgalary, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi guwanç bilen agzalmalydyr.