Eşretliýaşaýşyň gözbaşy

17 Mart 2021
985

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üstünlikli alnyp barylýar. Munda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýakyn we uzak geljegi nazarlap, oýlanyşykly düzülen ykdysady syýasat aýratyn orny eýeleýär. Ol ykdysady syýasat ýurdumyzda kuwwatly energetika senagatyny kemala getirmek maksady bilen ýokary kuwwatlylyga eýe bolan desgalary gurmakdan, olary döwrebaplaşdyrmakdan, tehniki taýdan täzelemekden ybaratdyr. Hut şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda soňky ýyllarda bu ugurda edilen işler guwandyryjy netijelere beslenýär. Şeýle hem ýurdumyzda energetika senagatynyň ösüşini gazanmakda durmuşa geçirilýän taslamalar öz çägini sebit we dünýä döwletlerine tarap uzaltmagyny üstünlikli dowam edýär. Bu bolsa dünýä ýurtlarynyň arasynda özara we umumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlygy has hem ýygjamlaşdyrýar.

Türkmenistanyň energiýa ulgamynyň kuwwatlylygy ýurdumyzyň ykdysadyýetini we halkymyzy energiýa serişdeleri bilen doly üpjün etmek bilen birlikde bu pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin hem ýeterlikdir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän giň möçberli we maksatnamalaýyn işler diňe bir halkymyzyň eşretli ertirlere bolan ynamyny berkitmän, eýsem, ýurdumyzyň eksport akymynyň möçberini artdyrmaga hem ýardam edýär. Bu biziň welaýatymyzyň mysalynda hem şeýledir. Çärjew, Döwletli etraplarynda «Lebap», «Watan» döwlet elektrik stansiýalarynyň, 2015-nji ýylda Kerki etrabynyň çäginde kuwwaty 500 kilowata barabar bolan elektrik bekediniň gurlup, işe girizilmegi we beýleki etraplarda döwrebap elektrik desgalaryny gurmak işiniň yzygiderli üns merkezinde saklanylmagy netijesinde ilatymyz elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Pelwert ― Kerki aralygynda uzynlygy 120 kilometrlik, Seýdi şäherinden Farap etrabynyň aralygynda uzynlygy 90 kilometrlik, Farap we Döwletli etraplarynyň aralygynda uzynlygy 270 kilometrlik asma elektrik geçiriji ulgamlaryň işe girizilmegi bolsa täze önümçilikleri döretmekde ilatyň elektrik energiýasyna bolan ösen isleglerini doly kanagatlandyrýar. 2018-nji ýylda Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megawatt bolan täze gazturbinaly elektrik bekediniň düýbüniň tutulmagy we şu ýylyň başynda Kerki ― Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň işe girizilmegi ýakyn geljekde ýurdumyzy energetika babatda ösdürmäge we energetika mümkinçilikleriniň çygryny giňeltmäge ýardam eder. Bu bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň sebitdäki we dünýädäki dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga uly itergi berýär.

Atajan AKMYRADOW,
«Lebapenergo» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.