Täzelenişiň nurana säheri

17 Mart 2021
945

Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda bagtyýar we erkana ýaşaýan halkymyzyň her güni şatlyk-şagalaňa, toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle baýramlaryň biri hem tebigatymyzyň gözel keşbe girýän döwründe bellenilýän Halkara Nowruz baýramydyr.

Bu baýramyň pasyllaryň soltany bolan bahar paslynda bellenilmeginiň aýratyn manysy bar. Baharda ýere ýyly girip, tebigat janlanýar. Dal-daragtlar gül-pürçüge bürenýär. Bereketli sähralarymyz begres donuny geýýär. Çeşme-çaýlar şarlap akyp, bilbiller saýraşyp, perwaz urýar. Jana ýakymly şemal öwsüp, ýürekleri heýjana getirýär. Bu ajaýyp görnüşler Milli bahar baýramyna aýratyn öwüşgin berýär.

Suraý DURDYÝEWA,
Kerki etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň kitaphanaçysy.