Sazlaşykly ösüşleriň mekany

17 Mart 2021
746

Ýurdumyzda bolup geçýän düýpli özgertmeleriň öň hatarynda barýan ak mermerli Aşgabat özüniň ajaýyp binagärlik gurluşy bilen haýran galdyrýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyz onlarça nusgalyk binalara we desgalara, şol sanda iri ýaşaýyş toplumlaryna beslendi. Milli Liderimiziň täzeçillik strategiýasyna baglylykda, sazlaşykly ösýän türkmen paýtagty şäherde ýaşamagyň döwrebap we ähli amatlyklary bolan köpugurly nusgasyny özünde jemleýär.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda şular ýaly giň möçberli özgertmeleriň Türkmenistanyň ähli sebitlerinde, şäherlerinde we obalarynda giňden ýaýbaňlandyrylandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu meseleleriň baş maksady ýurdumyzyň gülläp ösdürilmeginden, halkyň durmuş derejesiniň we hiliniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyndan ybarat bolan döwlet syýasatynyň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar.

«Aşgabat».