Bagtyýarlygyň şuglasy

14 Mart 2021
974

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzy ösüş-özgerişlere we toý-baýramlara beslenýän zamana bolup, göwünleri gülledýär. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda Diýarymyz ähli ugurlar babatda — syýasatda, ykdysadyýetde, oba hojalygynda, senagatda we bilim ulgamynda, sportda, saglygy goraýyşda hem-de medeniýetde ýokary sepgitlere eýe boldy. Täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň her ýyly, has takygy her bir aý-güni ýatda galyjy toý-baýrama, şanly wakalara beslenýär. Munuň özi ajaýyp döwrümiziň, agzybir jemgyýetimiziň, abadan döwletimiziň berkararlygyň eýesidiginden habar berýär. Kalbyňy buýsanç duýgularyndan doldurýan Garaşsyzlyk müňýyllyklardan gözbaş alýan gadymy taryhy bolan türkmen halky üçin çuňňur many-mazmuna eýedir. Elbetde, Garaşsyzlyk, bagtyýarlyk sözleriniň ynsan hakydasynda, kalbynda hemişe uly orun alandygy, ýagny arzylanandygy we arzuwlanandygy hemmämize aýdyň hakykatdyr. Bu günki gün türkmen halky özüni eziz Diýarymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary hökmünde duýýarlar. Türkmen halky uzak-uzak eýýamlardan soň beýik ynam, egsilmez hyjuw, bimöçber joşgun bilen arzylanan berkarar döwletli bolmak arzuwynyň hasyl bolandygyna guwanyp, onuň gadyr-gymmatyna düşünip ýaşaýar. Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ulus-ilimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny ýatdan çykmajak dabaralar we uly ruhubelentlik bilen belläp geçer. Hut şeýle baýramçylyklaryň mysalynda hem Ýer ýüzi halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, ata-baba süňňüne-süýegine, emer-damaryna ornan watansöýüjilik, myhmansöýerlik, şahandazlyk häsiýetleriniň ýene bir ýola şaýady bolýar.

Esmira AGAMAMEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.