Soňlanmaýan erteki

12 Mart 2021
836

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Aşgabadyň binagärlik keşbinde iň oňat milli binagärlik däpleri we nusgalyk, döwrebap çözgütler sazlaşykly utgaşmalydyr, türkmen paýtagty belent derejesiniň nazara alynmagy bilen, ähli babatda nusgalyk bolmalydyr. Munuň özi, aýratyn-da, adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine degişlidir.

Elbetde, milli Liderimiziň jöwher paýhasy bilen bu günki Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi. Gün nuruna öwşün atýan ak mermerli binalar göreni haýrana goýýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzda alnyp barylýan dürli maksatly binalardyr desgalaryň gurluşygynda döwrebap ýörelgeler bilen birlikde, milli aýratynlyklarymyza hem aýratyn üns berilýär. Milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy bolsa, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda 140 ýyllygy giňden we dabaraly ýagdaýda belleniljek gözel Aşgabadymyzy Gündogaryň merjen şäherine öwürýär.

Batyrmuhammet AMANMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.