Dalaşgärler bilen duşuşyklar

12 Mart 2021
660

Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça işler meýilnama laýyklykda dowam edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna agzalyga bellige alnan dalaşgärler saýlawçylar — welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary bilen duşuşyk ýygnaklaryna başladylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentiň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda belleýşi ýaly, öňde duran saýlawlar syýasy ulgamy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak wezipelerinden ugur alnyp, ýokary derejede, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilmelidir.