Belentdir baýdagyň dünýäň öňünde

12 Mart 2021
755

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bitirilýän beýik işler her bir türkmenistanlynyň kalbynda ýokary ruhubelentlik, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň pähim-parasata ýugrulan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde gazanylýan üstünliklere bolan buýsanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban halkymyz ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyny hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly zähmet üstünliklerine beslemek üçin şu günlerden ykjam taýýarlyk görýär. Bagtyýar halkymyz milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ajaýyp Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna gurýar we döredýär, Garaşsyzlygyň peşgeş eden bagtyýar eýýamyna buýsanç duýgusy bilen ýaşaýar.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy hakynda gürrüň edilende, ilki bilen Döwlet baýdagymyz hakydaňa gelýär. Bu gün ýaşyl baýdagymyz BMG-niň belent binasynyň öňünde türkmen döwletiniň berkararlygyny äleme äşgär edip, buýsançly pasyrdaýar.

Mahbuba GAFUROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.