Resmi habarlar gysga setirlerde

12 Mart 2021
964

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Alymbaý gyzy Jumabaýewa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Meretguly Ylýasgulyýewiç Sähetmyradow Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Gurbanberdiýewiç Mätiýew Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan:

— Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Meretguly Ylýasgulyýewiç Sähetmyradowa sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri taýýarlandygyny göz öňünde tutup, Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň 4-nji jaýynyň birinji gatynda ýerleşýän üç otagly, 149 inedördül metr ölçegi bolan 24-nji öýi;