Duşuşyklar başlandy

12 Mart 2021
815

28-nji mart Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlar günüdir

Welaýatymyzda öňümizde duran möhüm syýasy çärä — şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk hereket edýän kanunçylyga laýyklykda dowam etdirilýär. Düýn agzalyga hödürlenilen dalaşgärleriň welaýat halk maslahatynyň agzalary bilen duşuşyklary başlandy. Duşuşyklarda dalaşgärler özleriniň maksatnamalary bilen giňişleýin çykyş etdiler we döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edarasynyň agzalaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatyna agzalyga saýlanylan ýagdaýlarynda ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýan işleri barada jikme-jik gürrüň berdiler.

Döwlet JUMADURDYÝEW.