Abadandyr, gülgüzardyr obamyz

12 Mart 2021
706

Çärjew etrabynyň Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşliginiň çägindäki obalaryň keşbi barha owadanlaşýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe oba adamlary has gurply ýaşap ugradylar. Hormatly Prezidentimiziň oba özgertmeleri kärendeçileriň zähmet girdejilerini artdyryp, olaryň gowy durmuşda ýaşamaklaryny hem üpjün edýär. Şol bir wagtda bolsa işewürligiň, telekeçiligiň ösmegi üçin döredilýän giň şertler azyk önümleriniň, dürli harytlaryň bolçulygynyň döredilmegine itergi berýär.

Milli Liderimiziň döwleti dolandyrmaga girişen gününden bäri oba bilen şäheriň arasyndaky tapawut azalýar. Wagt geçdigisaýyn döwrebaplaşýan şu geňeşligiň çäginde hem saglyk öýleriniň 10-a golaýy, medeniýet öýi, kitaphana, söwda merkezi, çagalar baglarynyň 4-si, orta bilim berýän mekdepleriň 4-si, ýöriteleşdirilen çagalar sazçylyk mekdebi, gurluşyk üçin kerpiç öndürýän kärhanalaryň 2-si, un öndürýän kuwwatly haraz, dükanlaryň onlarçasy, tikinçilik sehi bar. Geňeşligiň çägindäki obalarda elektrik togy, gaz bilen üpjün edýän ulgamlar kadaly işledilýär. Elektrik toguny öndürýän kuwwatly desgalaryň birisi hem şu etrapda ýerleşýär, ikinjisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Binagärçilik ösýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda ýaşaýjylaryň ýüzlerçesine paýlanylyp berlen mellek ýerlerde ýene-de täze ýaşaýyş jaýlary peýda bolýar, hut Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşligiň çäginde soňky 3-5 ýylyň içinde gür ilatly ýerleriň 2-si döredi. Ekerançylyk ýaýbaňlanýar. 50 gektardan gowrak meýdanda dürli miwelerini eçilýän gür baglyk hem obany alkymlap otyr. Oba Geňeşiniň arçyny Erkin Babakulyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol hormatly Prezidentimiziň oba syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýaşaýjylaryň sany 17 müňden hem geçen 2750 hojalykly geňeşligiň çägindäki obalaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ählitaraplaýyn ösüşlere beslenýändigini buýsanç bilen beýan etdi.

Ereş SAPAROW,
Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.