Dabaraly maslahat

10 Mart 2021
742

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň bilelikde guramaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýaşuly nesliniň wekilleri, ýazyjy-şahyrlar hem-de harby gullukçylar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, ýaşlar babatyndaky edilýän aladalar, häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylyklary mynasybetli görülýän ýokary derejeli taýýarlyk işleri dogrusynda buýsançly söhbet etdiler.

Milli Liderimiz her bir çykyşynda döwletimiziň bagtyýar geljegi hökmünde ýaş nesliň watançylyk terbiýesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belleýär. Çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlarymyzyň ýokary bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dabarada çykyş edenler halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi, türkmen ýaşlarynyň bagtyýar geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Mekan NAZAROW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygynyň orunbasary.