Parahatçylyk — baky bagtyň şuglasy

10 Mart 2021
713

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan Diýarymyz ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň, agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň, sagdynlygyň nusgasyna öwrüldi.

Golaýda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli Ýolöten etrap häkimliginiň, TDP-niň we TAP-nyň etrap komitetleriniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramagynda «Kalbymyzda Arkadaga alkyşlar, dillerimizde ajap döwrüň aýdymy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Toýly Anyşow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Serdar Muhyýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler barada we şu ýylyň dost-doganlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk we ynanyşmak gatnaşyklarynyň hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň gerime eýe bolýandygy dogrusynda işjeň gürrüň etdiler. Şeýle hem şu ýyl uly dabara bilen bellenilip geçiljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdiler.