Göwher gaşly Aşgabat

9 Mart 2021
899

Hormatly Prezidentimiz Aşgabady ösdürmek, paýtagtymyzda täze taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak babatda taýsyz tagallalary edýär. Şeýle tagallalar netijesinde berkarar Watanymyzyň ak mermerli paýtagty gözümiziň alnynda günsaýyn ösýär, özgerýär we dünýäniň iň owadan, nurana şäherleriniň birine öwrülýär.

Aşgabadyň özgerýän keşbinde häzirki taryhy döwrümiziň döredijilik ruhy aýdyň duýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde, baş şäherimizde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän binalardyr desgalar paýtagtyň ýaşaýjylarynyň döredijilikli işlemegine, amatly dynç almagyna, sport bilen meşgullanmagyna giň amatlyklary açýar. Şeýle binalaryň we desgalaryň binagärlik hem-de bezeg işlerinde sanly ulgamyň, täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň ulanylmagyna aýratyn ünsüň gönükdirilýändigi has-da buýsandyryjydyr.