Milletiň bagty çüwende şeýle bolýar: toýlary toýlara ulaşýar, baýram yzyna baýram sepleşýär. Biz muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy tutuljak «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýene bir ýola göz ýetirýäris. Bu toý eziz Diýarymyzda Aşgabadyň 140 ýyllygy, taryhda ilkinji gezek belleniljek Türkmen alabaýynyň baýramy we köpsanly beýleki toýdur-baýramlar bilen utgaşyp geler.
Birleşen Milletler Guramasy hut Türkmenistanyň teklibi bilen 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Dünýäniň iň iri guramasynyň bu çözgüdi şanly ýylyň ýurdumyzda hem «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň gözbaşy boldy. Parahatçylyk we ynanyşmak ― goşa ganat, goşa güýç. Olar bagtyýar ýaşaýşymyzyň goşa sütüni. Şu ýyldaky tutumly toýlar hut şu goşa güýjüň saýasynda toýlanýar diýsek, hakykatdan daş düşmeris.