Ak mermerli paýtagtymyz özüniň binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýar

3 Mart 2021
653

Şu ýyl gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylanyna 140 ýyl dolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gabat gelen bu şanly sene uly dabara bilen bellenilip geçiler. Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat — Watanymyzyň ýüregi, gözlerimiziň göreji, kalplarymyzyň guwanjy, buýsanjy. Biz paýtagtymyzyň gözelliginden, aklygyndan, nuranalygyndan ylham alýarys. Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ähli ugurdaky ösüşleri paýtagtymyzdan gözbaş alýar.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmek meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Aşgabadyň keşbinde Watanymyzyň ýokary durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. Şahyr Gara Seýitliýewiň sözleri bilen aýtsak, söýgüli paýtagtymyz — şatlyk çeşmesi. Şonuň üçinem gün-günden güýç alyp, ösýär Aşgabat! Ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze özboluşly binalar we desgalar bilen ýetirilip, Türkmenistanyň aýratyn buýsanjyna, depginli ösüşiniň görkezijisine öwrülýär. Ýaşaýşyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň görülmegi netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamaga iň amatly şäherleriniň biri, iri çäreleri geçirmek hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin ähli şertler döredilýän sebit we halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi derejesini has-da pugtalandyrýar.

Baýmuhammet JAPAROW,
«Esger».