Üns beriň, bäsleşik!

3 Mart 2021
803

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen ganatly şygara beslenen üstümizdäki ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hormatyna welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň bilelikde guramaklarynda «Garaşsyzlyk — baky bahar, ak Aşgabat — merjen şäher» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmak, şeýle-de gözel Aşgabady Gündogaryň merjen şäherine öwürmek boýunça köp işler edilýär. Şöhratly taryhymyzdan belli bolşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň, gözel paýtagtymyz bolsa ýurdumyzyň ýüregi hasaplanylýar.