Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň bähbidine

1 Mart 2021
734

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň eksport kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça ýerine ýetirilýän işler, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sergä we maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri, türkmen-eýran serhedindäki «Dostluk» demirýol köprüsiniň üstünden geçýän ikinji demirýol şahasyny birikdirmek boýunça alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň «Altyn nesil» atly çagalar guramasyny döretmek boýunça alnyp barlan işler, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebitiň çykarylýan mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berildi.