Resmi habarlar gysga setirlerde

1 Mart 2021
836

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda 2021-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap:

— Birleşen Milletler Guramasynyň rugsatnamalarynyň (pasportlarynyň) eýeleri bolan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň çägine gelen gününden başlap, 30 (otuz) senenama güni möhlete çenli wizalary resmileşdirmezden Türkmenistana gelmäge, onda bolmaga, ondan gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berildi;