Bagtyýarlygyň röwşen şuglasy

23 Fewral 2021
1148

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyz uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik ösüşler bütin ýurdumyzy gurşap alýar. Şöhraty dünýä dolan ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça maksatnamalary giň gerimde amala aşyrylýar we öz oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň döwletli Kararlarynyň durmuşa geçirilýändiginde has aýdyň göz ýetirýäris. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da ösdürmekde aýratyn ähmiýetli möhüm ugurlardyr.

Mälim bolşy ýaly, islendik ýurduň milli ykdysadyýetiniň depginli ösüşi, ozaly bilen, şol ýurduň bilim ulgamynyň kämilligine, döwrebaplygyna baglydyr. Öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hojalygy ýöretmegiň netijeli hem-de ygtybarly usullarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylmagyny talap edýär. Durnukly ösüşi bilen dünýäni haýrana goýýan Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleri herekete girizilýär. Şunda senagat önümçiligini ýola goýmak, ösen innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiligini giňden peýdalanmak, sanly ulgamy ösdürmek ýaly möhüm ugurlara aýratyn ähmiýet berilýär.

«Mugallymlar gazeti».