Milli Liderimiziň ynsanperwerlik ýörelgesi

19 Fewral 2021
802

Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk we abadançylyk bilen bagly döwletli ýörelgeleri tutuş dünýäde giň seslenmä, gyzgyn goldawa eýe bolýar. Milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň parahatçylygy we abadançylygy ugur edinmegi türkmen halkynyň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň rowaçlanmagynda, şeýle-de, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda örän ähmiýetlidir we netijelidir. Aslyýetinde, halkymyzyň gadymy däp-dessurlarynda, edim-gylymlarynda hem adamlaryň parahat, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy bilen bagly ýagşy niýetdir arzuwlar bar. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda beýan edişi ýaly, halkymyz özüniň sag-aman, abadan ýaşaýyş hakdaky telwasly arzuwlaryny düýrmegi bilen dünýä ýaýmagy kemsiz başarypdyr, gymmatly sungat mirasyny döredipdir.

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady. Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Orazmuhammet MYRADOW,
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň müdiri-uly döwlet bellige alyjysy.