Geljegi nazarlaýan belent sepgitler

25 Ýanwar 2021
1038

Geçen ýylyň aýagynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmäge ünsi çekip, ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde örän möhüm wezipeleriň durandygyny nygtady. Biz — Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň agzybir işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň öňümizde goýan şol wezipelerinden ugur alyp, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna täze iş meýilnamalary bilen gadam basdyk.

Bu günki gün baky Bitaraplygymyzyň, mizemez Garaşsyzlygymyzyň mümkinçilikleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy, halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň alyp barýan yzygiderli işleri onuň halkara hukuk esaslaryny giňeltmäge oňyn şertleri döredýär. Ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň öňe sürýän asylly başlangyçlary häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözülmegine, dünýä döwletleriniň arasynda özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň emele gelmegine, goldanylmagyna we ählumumy ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň saýlap alan ugry ähli ýurtlar bilen parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary ösdürmeklige, taraplar bilen peýdaly hyzmatdaşlygy berkitmeklige gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly daşary syýasaty dünýä döwletleri bilen özara bähbitli, ikitaraplaýyn ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin möhüm binýat bolup durýar. Ýurdumyz halkara parahatçylygy, abadançylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda baky Bitaraplygymyzyň ýörelgeleriniň iş ýüzünde ulanylmagyna uly ähmiýet berýär, bu babatda BMG bilen hyzmatdaşlygyň möhüm başlangyçlaryny öňe sürýär.

Nurýagdy MAMEDOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri.