Ajaýyp arzuwlaryň baýramy

1 Ýanwar 2021
1746

Halkymyzyň taryhynda şanly wakalary bilen yz goýan 2020-nji ýylymyz tamamlanyp, ajaýyp arzuwlara beslenip, Täze — 2021-nji ýylymyz başlandy. Hut şu pursadyň özi, her birimiz üçin şatlykly, çünki bu gün Täze ýylyň ilkinji aýynyň ilkinji güni!

Taryhyň şöhratly sahypalaryny bezeýän ýyllar beýik işleriň, asylly başlangyçlaryň ýyllar saýy dowam edip gelýändigi bilen baglanyşýar. Şu pursatda anyk mysallara ýüzlenip göreliň: 2019-njy ýyl «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany», 2020-nji ýyl bolsa «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylypdy. Bu şygarlardan ruhlanyp, eziz Watanymyzda we halkara derejesinde döwletli başlangyçlar durmuşa geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu Täze ýylymyz hem halkara derejesinde parahatçylyk we ynanyşmak ýaly beýik maksatly hem-de köňüllere ganat berýän şygar bilen badalga aldy.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.