Kämil kanunlar — döwlet gurluşynyň binýady

11 Sentýabr 2024
69

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir raýatyň hukuklary we azatlyklary kepillendirilip, döwlet gurluşy kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzda döwlet gurluşynyň ähli ugurlary, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ylmyň we medeniýetiň, saglygy goraýşyň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilimiň elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça döwletimiziň ýöredýän syýasatynda ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilýär. Konstitusiýada we onuň esasynda kabul edilýän kanunlarda döwletimiziň durmuşynyň esasy meseleleri baradaky syýasatynyň beýan edilmegi we ählisiniň mazmuny raýatlaryň bähbitlerini goramak bilen baglydyr.

«Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlar döwlet syýasatynyň baş ýörelgesi hökmünde yglan edildi. Şonuň üçin hem, Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny öz milli aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutmak bilen demokratiýalaşdyrmak, Konstitusiýasyny kämilleşdirmek, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň sazlaşykly hereket etmegini, raýat jemgyýetiniň institutlaryny berkarar etmegi we ösdürmegi döwlet syýasatynyň baş wezipesi maksadynda durmuşa geçirmek ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlendi.

Toýlymyrat TÄŞLIÝEW,
Köneürgenç etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.