Milli Demokratiýanyň aýdyň ýoly bilen
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen täze özgertmelere beslenýän döwrebap durmuş gurşawy halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny şertlendirýär, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkidýär. Halk bilen jebislik, sazlaşyk, bitewi güýje, sarsmaz sütüne öwrülmek bilen, döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda agzybirligiň pugtalandyrylmagyny, ösüşleriň berkidilmegini üpjün edýär.