Täze taryhymyzyň şamçyragy

6 Sentýabr 2024
89

Garaşsyzlykdan ganatly berkarar Watanymyz — köňülleriň aramy, döwürleriň şuglasy, dillerimiziň senasydyr. Ykballar ýylgyryp, ömürler güllände aýdyň geljege sary alyp barýan belent maksatly işler elmydama rowaçlyga hemra bolýar, günler, göwünler galkynýar. Berkarar döwletiň eýesi bolan türkmen halkymyz şeýle bagtyýar günleriň gadyryny bilip ýaşaýar. Bagtyýarlygyň, asudalygyň, parahatçylygyň gözbaşy bolsa, elbetde, bu biziň Garaşsyzlygymyzdyr!

Aýdyň maksatlaryň myradyna gowuşmagy üçin egsilmez ynam, yhlas, zähmet zerur bolup durýar. Eger bularyň haýsy-da bolsa biri kemlik edende, onda arzuwlar asgynlap, ýetilmeli ýeňiş menzilleri uzaklaşýar. Ýurduň berkarar, asuda, abadan bolmagy üçin hem ähli sanap geçen zerurlyklarymyzy bir sözde jemleýän «Garaşsyzlyk» diýlen düşünje wajyp bolup, ol halky bagtyýar döwre ýetirýär. Geçmişi şöhratly türkmen halkymyzyň bolsa kalby erkinlik, parahatçylyk mukamyndan pürepür. Garaşsyzlykdan ganatlanan gözel göwünleriň howalasy bolsa elmydama älem gowulyklaryna sary ugur alýar. Şonuň üçin-de eziz Diýarymyzda alnyp barylýan ajaýyp işler, gazanylýan üstünlikler, parahatçylyk söýüjilikli agzybir gatnaşyklar Garaşsyzlygymyzyň bize beren sylag-serpaýlarydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp kitabynda şeýle diýýär: «Biz gadymy halk hökmünde hem, geçmişde beýik döwletleri guran halk hökmünde hem, dünýä ýol-ýörelge beren halk hökmünde hem, bu günki özbaşdak döwletli halk hökmünde hem özümizi dünýä nähili ykrar etdirip bilen bolsak we ýene nähili ösüşleri nazarlaýan, ýene nämeleri edip biljek bolsak, bularyň ählisine mümkinçilik döredýän zat Garaşsyzlygymyzdyr».

Nury SAKÇYÝEW,
«Nesil».