Sazlaşykly ösüşiň binýady

6 Sentýabr 2024
73

Garaşsyz, hemişelik Bitarap topragymyz ata-babalarymyzyň mähri siňen, keremli erenleriň, alym-ulamalaryň, danyşment pirleriň ýaşan mesgenidir. Bu mekan ösen ylym-bilim gatnaşyklaryň, baý kitaphanalaryň, dilleriň, garaýyşlaryň, medeniýetleriň birleşen merkezi bolandygy bilen şöhratlanandyr. Asyrlaryň dowamynda müňlerçe şahyrlar bu topragyň waspyny edip geçen bolsa, ýüzlerçe akyldarlar mähriban Watanymyzyň gujagynda dünýä ylmyna saldamly goşant bolan çuň mazmunly eserleri döredipdirler.

Türkmen halkynyň içki dünýägaraýşyndan gözbaş alýan ynsanperwer däp-dessurlary, gurujylyk sungaty, edebi akabalary, döredijilik joşguny asyrlar aşa adamzat bähbitleriniň umumylygyna hyzmat edip gelýär. Güneşli Diýarymyzyň gujagynda önüp-ösen dana-akyldarlaryň bize miras goýan ylmy-döredijilik açyşlary, dünýä siwilizasiýasyna goşan gymmatlyklary gadymy Watanymyzy dünýä ylmynyň irki ruhy-medeni ojaklarynyň biri hökmünde tanadýar.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.