Eşretli durmuşyň hatyrasyna

6 Sentýabr 2024
72

Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soň, gysga döwrüň içinde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda köp işler amala aşyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere ýetdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesine eýerilmek bilen halkymyz ajaýyp zamanada ýaşaýar. Bu başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri uly işiň başyny tutanda, ýaşulular bilen maslahatlaşyp geňeş edipdir. Pederlerimizden miras galan asylly ýörelge häzirki ajaýyp zamanamyzda hem dowam etdirilip gelinýär. Ýurdumyzda demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt ähmiýetli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän halk bähbitli çözgütler il-günümiziň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edýär.

Öwezgeldi ATAGELDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.