Mekdepdäki täsirli duşuşyk

6 Sentýabr 2024
88

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Polisiýa bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda okuwçy ýaşlaryň arasynda geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde alnyp barylýan çäreler we olaryň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Maksatgeldi Kakabaýewiň, etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi Ogulsuraý Huseýinkuliýewanyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ajaýyp döwrümizde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýokarlanýar, köçe-ýollaryň durky döwrebaplaşdyrylýar, täze ýollar gurulýar, şonuň bilen bir hatarda ýollarda ulag gatnawlary artýar. Bu bolsa, ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmegi talap edýär. Şoňa görä-de, okuwçy ýaşlar mekdebe gelende we mekdepden öýe gaýdanda ýol hereketiniň kadalaryny hökmany ýagdaýda berjaý etmelidir.

Rejepgeldi ATAJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.